Biz kim?
Asmanshop – internet-dükany «Altınyıldız Classics», «Avva», «Lcwaikiki», «Mavi», «Ramsey», «Koton», «Koton kids», «Flo» ýaly dünýä belli brendleriň harytlaryny özünde jemleýän onlaýn söwda platformasy.
Asmanshop siziň ähli maşgala agzalaryňyz üçin giň görnüşli, ýokary hilli aýakgaplary we egin-eşikler hödürleýär.
Biz size bu markalardan tölegsiz 6 aý garaşaryna hyzmatyny hem hödürleýäris.
Siz biziň Asmanshop onlaýn-dükanymyzdan haryt sargyt edip, Asmanshop “Sale card” kartynyň eýesi bolup bilersiňiz. Asmanshop karty bilen edilen söwdadan 5%-e çenli arzanladyş bolup, her arzanladyş pul hökmünde siziň kartyňyzyň içinde toplanýar. Müşderiler toplanan mukdara biziň ähli dükanlarymyzdan islendik haryt satyn alyp bilerler.
Biz näme etýäris?
Biziň maksadymyz – modany hemmelere elýeterli etmek. Asmanshop kolleksiýasy egin-eşik, aýakgap we aksessuar görnüşlerimiz bilen, iň soňky trendleri her stile, ýagdaýa we býutjede gabat gelýän geýimlere öwürýär.
Asmanshop onlaýn-dükany zenanlar, erkek adamlar we çagalar üçin moda egin-eşikleri bilen, gündelik owadan we ajaýyp görnüşde özboluşly stiliňizi görkezmäge mümkinçilik berýär.
Gündelik moda hakyndaky täzeliklerden habarly bolmak üçin Instagramdaky @asmanshop akkauntyna ýazylyň.
Halaýan brendleriňizden egin-eşikleri satyn alyň, ajaýyp täze bellikleri tapyň we dizaýnerlerimiziň dünýä belli moda markalary tarapyndan teswirlenen iň soňky modalary tapyň.