Asmanshop-da hasap dörediň
Köp sanly ýeňilliklerden peýdalanmak üçin Asmanshop web sahypasyna hasaba duruň:
Ykjam goşundyda hasap açmak
Web sahypada hasap açmak
Gutlaýarys, siz biziň saýtymyzda hasaba alyndyňyz!
Maglumatlarymy üýtgetmek
Parolyňyzy, salgyňyzy we telefon belgiňizi islän wagtyňyz üýtgedip bilersiňiz. Munuň üçin "Meniň profilm" bölüminiň "Sazlamalar" bölümçesine giriň.
Nädip satyn almaly?
Web saýtdan satyn almak
Gözleýän harydyňyzy tapmak üçin zenanyn, erkegin we çaganyň geýim kategoriýalaryna göz aýlaň. Model, ölçeg we reňk boýunça saýlamagyňyzy maslahat berýäris. Şeýle hem harytlary baha boýunça hem tertipläp bilersiňiz: (bahasy arzandan-gymmada we gymmatdan-arzana)
Satyn almak isleýän harydyňyzy bilýän bolsaňyz ýa-da katalogda halaýan modeliňizi görseňiz, zerur zatlary çalt tapmak üçin web sahypasynyň ýokarsyndaky gözleg motoryny ulanyp bilersiňiz.
Halaýan harytlaryňyz söwda sebediňize geleninde, töleg etmek üçin üstüne basyň. Sebetdäki harytlaryňyzy köp garaşdyrmaň, sebäbi köp talap edilýän harytlar söwda sebediňizde bolsa-da, stokda gutaryp bilýär.
Eltip bermegiň salgysyny görkeziň. Ondan soňra töleg görnüşini saýlaň we "Sargydy tassyklamak" düwmesine basyň. Bu örän ýönekeý!
Sargyt tassyklanandan soňra, operatorymyz sargydy tassyklamak üçin size jaň eder. Eger soraglaryňyz bar bolsa, bize ýüz tutmagyňyzy haýyşt edýäris:
e-mail: info.asmanshop@gmail.com
telefon belgi: +99364756167
Ykjam goşundy arkaly satyn almak
Asmanshop ykjam goşundysyna girip, harytlaryň täze kolleksiýasyny görmek isleýärsiňizmi? Indi ony öýjükli telefonyňyzdan ýa-da planşetiňizden görüp bilersiňiz bilersiňiz.
“Asman” ykjam goşundyny telefonyňyza ýükläp alyp, bu sahypa islän wagtyňyz girip bilersiňiz.
Töleg görnüşi
Siz nagt ýa-da bank kartlarynyň üsti bilen islän görnüşiňizde töleg edip bilersiňiz
Halan harydyňy nähili ýatda saklap bolar?
Halan harydyňyzy ýatdan çykarmazlyk üçin Halanlaryma goşuň.
Islendik enjamdan olara girmek isleseňiz, öz hasabyňyza giriň ýa-da hasap dörediň.
Habarlaşmak üçin
Jogap tapmak isleýän soraglaryňyz barmy? Biziň info.asmanshop@gmail.com
elektron adresimize ýazyp bilersiňiz, biz size gysga wagtda jogap bereris.