Egin-eşiklere ideg etmek

Egin-eşikleriňizi kemsiz görkezmek üçin 10 maslahat:

  1. Ak we açyk reňkli eşikleri, goýy reňkli eşiklerden aýratyn ýuwuň.
  2. Ýüň ýa-da ýüpek ýaly tebigy matalar ýokary temperaturada ýuwulan ýagdaýynda kiçelýär. Bular guradyjy enjamlarda guradylanda, ýa-da dik ýagdaýynda asylgy duranynda şekilini ýitirýär. Emeli we sintetiki matalardan tikilen eşikler ýyly suwda ýuwulmaly we pes temperaturada iç ýüzünden ütüklenmelidir. Jinsy materiallar iň ýokary 40ºC temperaturada iç ýüzüne öwürip ýuwulmalydyr.
  3. Kir ýuwujy enjama köp/aşa eşik ýüklemäň. Artykmaç ýük, ýuwmagyň hiline ýaramaz täsir edip biler.
  4. Ýuwujy serişdeleri ulanylanda olarda az mukdarda agardyjy serişdeleri bolanlary maslahat berýäris.
  5. Geýimleri iç ýüzüne öwrüp ýuwuň. Poroşok ýa-da gaty ýuwujy serişdeleri däl-de, suwuk kir ýuwujy serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.
  6. Kir ýuwujy serişdäni tygşytly ulanyň. Artykmaç ulanylsa, eşikde tegmiller bolup biler.
  7. Guradyjy enjamlarda guratmakdan gaça duruň. Guradyjy enjamlaryň ulanylmagy bilen matalaryň reňkleri solýar, eşikler has çalt könelýär.
  8. Ýokary temperatura matalar üçin hemişe zyýanlydyr.
  9. Eşikleri açyk howada guradanyňyzda göni gün şöhlesinden daşda goýuň.
  10. Ütüklenende elmydama pes temperaturadan ütütükläp başlaň. Goýy reňkli eşikler ütüklenende iç ýüzüne öwrülmeli ýa-da biraz çygly bolmaly.

Ýuwmak nyşanlary:

Etiketkalarymyzdaky nyşanlar nämäni aňladýar?

  • Kir ýuwujy maşynda ýuwmak. Sanlar (30º C, 40º C, 60º C, 95º C) ýuwmagyň iň ýokary temperaturasyny görkezýär.
  • Kir ýuwujy maşynda ýuwanyňyzda gysga aýlawly adaty programma ulanmaly. Sanlar (30º C, 40º C, 60º C, 95º C) ýuwmagyň iň ýokary temperaturasyny görkezýär.
  • Elde ýuwmak. Bu nyşan goýulan egin-eşikler kir ýuwujy maşyna salynman, hökmany 30ºC temperaturada elde ýuwulmalydyr. Basynç bilen ýuwmaň we gaty syrkmaň.
  •  Ýuwmaly däl. Bu nyşan goýulan egin-eşikler himiki arassalaýyş usuly bilen arassalanmalydyr.

Agardyjylary ulanmak

  •  Agardyjy ulanyp bilersiňiz.
  •  Agardyjy ulanmaň.

Ütüklemek

  • Ýokary temperaturda ütüklemek: iň ýokary 200ºC. Pagta, lýon matalar ýa-da wiskoza.
  • Orta temperaturada ütüklemek: iň ýokary 150ºC. Ýüň we poliester garyşyk matalar.
  • Pes temperaturada ütüklemek: iň ýokary 110ºC. Tebigy ýüpek, emeli ýüpek.
  • Ütüklemeli däl

Himiki arassalaýyş

  • Tegelek içindäki harplar (A, F, P) belli bir eşigi arassalamak üçin dogry önümleri görkezýär (bu maglumatlar himiki arassalaýjylar üçin niýetlenendir).
  • Himiki arassalaýyş edilmeýär.

Guratmak

  • Guradyjy enjam ulanyp bilersiňiz.
  • Guradyjy enjam ulanmaň.
  • Pes temperaturada guratmak.
  • Adaty temperaturada guratmak..
  • Tekizlenen görnüşinde, gorizontal görnüşde, ýazgyn ýagdaýda guratmak.
  • Syrkman asyp guratmak.
  • Ýüpe asyp guratmak.

Himiki süýümler

Himiki süýümler himiýa zawodlarynda öndürilýär. Eger olaryň öndürilişinde tebigy çig mal ulanylsa, olara emeli süýüm diýilýär. Eger-de nebidiň goşulyşmagyndan öndürilse, olara sintetiki süýümler diýip atlandyrylýar.  

  •  Wiskoza

Wiskoza, aýratynlygy boýunça pagta, daşky görnüşi boýunça ýüň ýa-da ýüpege meňzeýän ýumşak matadyr. Çalt ýygrylýar we çyglylygy gowy siňdirýär. Pes durnuklylygy sebäpli çalt süzülýär.

  • Asetat

Ýüpek ýaly görünýän ýumşak we ýeňil emeli süýümdir. Kän ýygrylanok, tüýjermeýär we çekilmeýär. Esasan içki eşikde, bluzkada, köýnek materiallarda we aksessuarlarda ulanylýar.

  • Modal

Pagta we elastin häsiýetlerine meňzeş ýumşak we rahat emeli süýümdir. Ýokary derejede çydamly we ýygrylmaýar.

  • Poliester 

Ýygrylmaýan we büzülmeýän örän berk sintetiki süýüm. Hem ýeke özi, hem tebigy we himiki süýümler bilen bilelikde ulanylyşynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Bu arzan we tiz guraýan süýümdir.

  • Akril

Ýyly, ýumşak we rahat sintetiki süýüm. Howa şertlerine örän çydamly. Esasan has köp durnuklylyk bermek üçin ýüň bilen bilelikde ulanylýar.

  • Poliamid

Adatça naýlon diýip atlandyrylýan, gaty güýçli we elastik sintetiki süýümdir. Ýokary temperaturada şekilini üýtgedýär we çygy özüne siňdirmeýär.

  • Elastan

Egin-eşikleri süýündirmek üçin ulanylýan süýümdir. Köplenç, laýkra ady bilen tanalýar we esasan beýleki süýümler bilen birleşdiriýär. Çekeninde uzaýan, ýöne goýberilende ýene-de öňki görnüşine gaýdyp gelýän mata görnüşine elastan matalar diýilýär.

Tebigy süýümler

Tebigy süýümler tebigatdan alynýar. Olaryň gelip çykyşy iki topara bölünýärler: ösümliklerden we haýwanlardan. 

  • Lýon

Şol bir atly ösümlikden gelip çykan tebigy süýüm. Çygy we deri özüne siňdirýän berk, süýünýän we ýalpyldawuk mata. Çalt ýygrylýar.

  • Rami

Ýüpek ýaly ýaldyrawuk, ösümlikden alynýan ak tebigy süýüm. Iň berk we gaty tebigy süýümleriň biridir, ýöne, kän süýünmeýär. Reňkini gowy saklaýan, ýumşak, berk we çydamly süýümdir.

  • Pagta

Çygy gowy siňdirýän ýumşak, elastik we berk tebigy ösümlik süýümi. Giňden ulanylýan süýümdir, çalt ýygrylýar.

  • Ýüň

Haýwandan gelip çykýan ýumşak we elastik süýüm. Bedeniň temperaturasynyň üýtgemegine uýgunlaşyp, daşky gurşawyň temperaturasyna baglylykda çygy siňdirmek ýa-da bugarmak ýaly aýratynlygy bar.

  • Ýüpek 

Ýüpek gurçugyndan alnan süýümlerden elde edilýän ýumşak we ýaldyrawuk mata. Ýokary hilliligi we daşky görnüşi bilen, ýumşaklylygy we ýaldyrawuk häsiýeti bilen tanalýar.