Gizlinlik we maglumat goragy.
Asmanshop internet söwda merkezi, müşderileriniň gizlinlik we şahsy maglumatlarynyň goragyna uly ähmiýet berýär. Şahsy Maglumatlaryň Goragy hakynda kanuna esaslanyp, aşakda bellenen “Gizlinlik we Maglumat Goragy Syýasatyna” eýerýär. Aşakdaky bellenilenler, internet sahypamyzda jemlenen müşderiler baradaky maglumatlar, olaryň haýsy maksatlar üçin alynany, haýsy ýagdaýlarda ulanylýanlygy, bu maglumatlary nähili üýtgedip biljegiňiz, şahsy maglumatlaryň goraglylyk derejesi, şahsy maglumatlaryňyz bilen bagly haklaryňyz ýaly temalary öz içine alýar.
Arzanladyşlardan we täze goşulan hyzmatlarymyzdan habarly etmek üçin, mobil programammyza agza bolan ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, telefon belgiňiz, eltip bermeli salgyňyz ýaly käbir şahsy maglumatlaryňyza zerurlyk ýüze çykýar. Bu maglumatlardan daşary, saýda girip görme wagtlary, sargyt berme wagtlary we sargyt beren IP adresiňiz, gören sahypalaryňyz we sargyt edilen harytlaryň statistakalary, ulanyjynyň hereketlerini we saýlawlaryny seljermek we düşünmek maksady bilen jemlenýär we ulanylýar. Mundan başga-da şahsy maglumatlaryňyz aşakda bellenen maksatlar üçin gerekdir:
Bellik: Sargyt edeniňizde eger kart bilen töleg amala aşyran ýagdaýyňyzda, siziň kartyňyz hakda maglumat hiçhili ýagdaýda saýtymyzda saklanmaýar.
Alnan maglumatlaryň ulanylyşy
Internet sahypamyzda alynan maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:
Bellik: Saýtda alnan maglumatlar, müşderilerimize has ýokary hyzmat bermek we Asmanshop - internet söwda merkeziniň hyzmatlaryny size ýetirmek maksady bilen hem-de bilelikde işleýän firmalarymyz bilen we ýolbaşçy edaralar bilen paýlaşylyp biliner. Ýöne, ähli ýagdaýlarda maglumatlaryňyz Asmanshop tarapyndan goralýar we maglumatlaryňyz paýlaşylan firmalaryň hem siziň maglumatlaryňyy goramagyna ýokary üns berýär.
Bulardan başga, maglumatlaryňyz hiçbir ýagdaýda başga şahslara berilmeýär, söwda maksatly ulanylmaýar we satylmaýar.
Ulanmak şertleri
Web sahypa (saýta) girýän - sargyt etmek maksady bolmazdan https://shop.asmanexpress.com saýtyna giren şahs.
Alyjy - https://asmanexpress.com/shop/tm onlaýn dükanynda sargyt edýän sarp ediji.
Satyjy - Аsmanshop.
Umumy düzgünler
Harytlar Asmanshop internet söwda merkeziniň üsti bilen sargyt edilende, ulanyjy aşakda görkezilen harytlaryň satuw şertlerine, saýtyň sahypalarynda ýerleşdirilen harytlary satmagyň we eltmegiň şertlerine razy bolýar.
Şertnama Asmanshop tarapyndan web sahypada maglumat ýerleşdirmek bilen birtaraplaýyn tertipde üýtgedilip bilner. Şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk ýagdaýynda, şertnamanyň täze beýany web sahypada çap edileninden bir gün soň güýje girer.
Sahypa girýän/Alyjy Asmanshop internet söwda merkezine özi baradaky maglumatlary, ýagny telefon belgisini bermek bilen, arzanladyşlar, geljekdäki, şeýle-de häzirki mahabatlar we ş.m. maglumatlary öz içine alýan bildirişleri ibermek üçin amal eden işlerinde Asmanshop internet söwda merkeziniň berlen maglumatlary ulanmagyna razy bolýar.
Sargytlary yzyna gaýtarmak mümkinçiligini berýän nokatlaryň salgylary we iş wagty web sahypada görkezilýär.
Ylalaşygyň predmeti
Şu Ylalaşygyň predmeti şahsy, maşgala, öý we beýleki zerurlyklary amal etmek üçin ulanyja işewürlik bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki zerur zatlary satyn almak mümkinçiligini bermekden ybarat.
Web sahypada hasaba alyş
Web sahypada (saýtda) hasaba alyş «Hasaba alyş» penjiresiniň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Sargydy amal etmek üçin web sahypada hasaba alynmak hökmanydyr.
Asmanshop internet söwda merkezi hasaba alyşda ulanyjy tarapyndan berilýän maglumatlaryň dogrulygy we dolulygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.
Ulanyjy bellige alnanda, ulanyjy tarapyndan görkezilen girişi (logini) we paroly üçünji taraplara mälim etmezligi öz üstüne alýar. Ulanyjynyň logininiň we parolynyň howpsuzlygy ýa-da üçünji agza tarapyndan birugsat ulanylmagynyň ähtimallygy peýda bolan ýagdaýynda, ulanyjy: info.asmanshop@gmail.com salgysyna degişli elektron haty ibermek bilen, Asmanshop internet söwda merkezine haýal etmän habar bermäge borçlanýar.
Haryt we satyn alyş tertibi
Satyjynyň ammarynda alyjy tarapyndan sargyt edilen harytlar ýok bolsa, hasaba alyş wagtynda alyjy tarapyndan görkezilen salga degişli elektron habaryny ibermek ýa-da Asmanshop jaň merkeziniň operatorynyň jaň etmegi arkaly satyjynyň alyja bu barada habar bermäge, şeýle-de beýleki alternatiw ýagdaýlary teklip etmäge we bu sargydy ýatyrmaga hukugy bar.
Asmanshop borçlaryny dogry ýerine ýetirip bilmezligine sebäp bolan, satyn alyjy tarapyndan berlen nädogry maglumatlar üçin satyn alyjy doly jogapkärdir.
Sargyt edilenden soň, alyjy tarapyndan görkezilen öýjükli telefondan jaň etmek arkaly satyn alyja garaşylýan gowşuryş senesi barada maglumat berilýär. Bu buýruga hyzmat edýän Asmanshop internet söwda merkeziniň işgäri buýrugyň amala aşyrylyşyna jogap berýär, sargyt edilen harytlaryň satyjynyň ammarynda elýeterliligini görkezýär, gowşurylyş senesi we buýrugy işläp taýýarlamak hem-de gowşurmak üçin zerur bolan wagty kesgitleýär.
Sargyt gowşurylmaly güni, Asmanshop internet söwda merkeziniň işgäri sargyt alyjy tarapyndan bellenilen wagtyň çäginde sargydy gowşurmagyň takyk wagty barada ylalaşmak üçin sargyt edilende görkezilen telefon belgisine jaň edip, alyjy tarapyndan görkezilen salga barmak, alyjydan zerur maglumatlary almak üçin onuň bilen habarlaşýar. Satyn alyjy Asmanshop internet söwda merkeziniň işgäriniň çagyryşyna jogap bermese, satyjy alyjynyň razyçylygy bilen eltip bermegi başga bir wagta (ýa-da) başga bir güne yza süýşürmäge haklydyr. Satyn alyjy Asmanshop bilen habarlaşmasa ýa-da bellenen wagt (ýa-da) gowşuryş güni bilen ylalaşmasa, Asmanshop sargydy bermek boýunça borjy talaba laýyk ýerine ýetirilen hasap edilýär, alyjy bolsa sargytdan ýa-da şertnamanyň ýerine ýetirilmeginden ýüz öwren hasaplanýar.
Sargyt gowşurmak
Asmanshop internet söwda merkezi tarapyndan satuwy amala aşyrylýan harytlar üçin takmynan gowşurylyş usuly we wagty, gowşuryş çäkleri baradaky maglumatlar https://asmanexpress.com/shop/tm sahypasyndaky «Eltip beriş usullary» bölüminde görkezilýär. Asmanshop tarapyndan satylýan harytlar, usullar we takmynan gowşuryş möhletleri saýtdaky degişli sahypalarda görkezilýär.
Kesgitli gowşuryş wagty sargyt tassyklanylanda alyjy bilen jaň merkeziniň operatorynyň arasynda ylalaşylyp bilner. Harytlary daşamak ýolagçy ulagy bilen amala aşyrylýar.
Sargyt getirilenden soň alyja ýa-da alyjy hökmünde görkezilen üçünji şahsa berilýär (mundan beýläk satyn alyja we üçünji şahsa «alyjy» diýilýär). Ýokardaky şahslar tarapyndan sargydy özüniň almak mümkinçiligi bolmasa, sargyt barada maglumat (iberiş belgisi ýa-da alyjynyň doly ady) berip bilýän adama sargydyň doly bahasyny tölemek şerti bilen berlip bilner.
Alyjy harytlaryň daşky görnüşini we dolulygyny, şeýle hem harytlar gowşurylanda ähli sargytlaryň dolulygyny sargyt gowşurylan pursadynda barlaýar.
Eltip bermek hyzmatynyň işgärinden sargyt kabul edilende, alyjynyň gowşurylan harytlary barlamaga we harytlaryň bellenilen mukdaryna, görnüşine laýyklygyny we dolulygyny barlamaga, şeýle hem gowşurylan harytlaryň hyzmat ediş möhletini we gaplamanyň bitewüligini barlamaga hukugy bar. Getirilen harytlara hiç hili nägilelik ýok bolsa, alyjy «Sargyt gowşuryş formasyna» ýa-da gowşuryş gullugynyň işgäri tarapyndan berlen beýleki şuňa meňzeş resminama gol çekýär we sargydyň doly bahasyny töleýär. (100% öňünden töleg ýok bolsa).
Sargydy getirmegiň senesini we wagtyny Asmanshop internet söwda merkeziniň sargydy tassyklamak üçin alyjy bilen habarlaşýan işgärinden anyklap bilersiňiz. Satyn alyjylar Asmanshop internet söwda merkezinde satylan harytlaryň gowşurylyş senesiniň we möhletiniň satyjylaryň öz ygtyýaryndadygyny kabul edýärler we ylalaşýarlar.
Harytlary eltip bermek şertnamada görkezilen möhletlerde amala aşyrylan bolsa, ýöne harytlar satyn alyja bagly sebäplere görä, alyja geçirilmedik bolsa, indiki gowşuryş satyjy bilen ylalaşylan täze möhletde alyjy tarapyndan harytlary eltmek üçin hyzmatlaryň bahasynyň gaýtadan tölenmegi netijesinde ýerine ýetirilýär.
Harytlar üçin töleg
Harytlaryň bahasy Asmanshop internet söwda merkeziniň web sahypasynda (saýtda) ýa-da mobil programmasynda görkezilýär. Satyn alyjy tarapyndan sargyt edilen harytlaryň bahasy tehniki näsazlyk sebäpli nädogry bellenilse/görkezilse, Asmanshop sargydy düzedilen bahada tassyklamak ýa-da sargydy ýatyrmak üçin alyja bu barada habar berýär. Asmanshop alyjy bilen habarlaşyp bilmese, sargyt ýatyrylan hasaplanýar. Sargyt tölenen bolsa, Asmanshop sargyt üçin tölenen tölegi alyja gaýtaryp berýär.
Asmanshop harytlara arzanladyş berip, bonus programmasyny gurap biler. Arzanladyşlaryň, bonuslaryň görnüşlerini, hasaplamagyň tertibini we şertlerini Asmanshop internet söwda merkezi özbaşdak kesgitleýär. Asmanshop satyjylaryň harytlaryna degişlilikde arzanladyşlar, bonuslar satyjylaryň degişli sahypalarynda ýerleşdirilýär we Asmanshop tarapyndan bildirişler birtaraplaýyn üýtgedilip bilner.
Harytlaryň we serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy
Yzyna gaýtarmak baradaky umumy düzgünler
Asmanshop tarapyndan satylan harytlaryň yzyna gaýtarylmagy web sahypada https://asmanexpress.com/shop/tm salgysynda görkezilen «Yza gaýtaryş şertlerine» laýyklykda amala aşyrylýar.
Hereket edýän düzgünnama Asmanshop satyn alyjynyň ýanyna gitmek borjuny göz öňünde tutmaýar.
Sargydy yzyna gaýtarmak – çap edilen arzanyň, satyn almagyň düzgünlerini we şertlerini tassyklaýan satuw kwitansiýasynyň esasynda amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa, çegiň ýoklugy alyjynyň talaplaryny kanagatlandyrmagy ret etmeýär.
Hili gowy harytlaryň yzyna gaýtarylmagy
Alyjy sargyt eden harytlaryny almazdan ozal we harytlary alandan soň – satyn alnan gününi hasaplamak bilen 14 günüň dowamynda bellenilen ýagdaýlarda tutumy tölemek bilen, harytlary yzyna gaýtarmak hukugyna eýedir. Sarp ediş serişdesinde sarp ediş häsiýetleri saklanylan ýagdaýynda (ulanylyş yzlary ýok, asyl görnüşiniň we zeper ýetmedik gaplamalaryň we bellikleriň bolmagy), hili gowy harytlaryň yzyna gaýtarylmagy mümkindir.
Hili gowy harytlar yzyna gaýtarylyp berlende, harytlaryň sarp ediş aýratynlyklarynyň saklanyp galandygyny barlamak üçin alyjy harytlary gaýtaryp bermeli.
Hili ýeterlik gowy bolmadyk harytlaryň yzyna gaýtarylmagy
Ýeterlik gowy bolmadyk hil diýilmegi, kemçilikli, düzedip bolmaýan we funksional häsiýetleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün edip bilmeýän diýmekdir.
Eger alyja hiline laýyk däl harytlar berlen bolsa, alyjynyň harydy yzyna gaýtarmaga hukugy bardyr.
Jogapkärçilik
Asmanshop internet söwda merkezinden satyn alnan harytlaryň nädogry ulanylmagy sebäpli alyja ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekmeýär.